
Ilkinji günlerinden başlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz şatlyk-şowhuna, üstünliklere beslenip geldi. Ýylyň gelşi äheňinden belli. Bu ýyl ähli türkmenistanlylaryň hakydasynda müdimi möhürlenjek taryhy pursatlara baý bolar. Bir-birinden owadan gelýän günleriň gujagynda, parahatçylygyň ojagynda ýaşap, zähmet çekip, öz pikirimizi arkaýyn aýdyp bilýändigimize örän buýsanýarys.
Ynam güýçli bolanda ýetilmejek menzil ýok. Sözbaşydan mälim bolşy ýaly, ýaş nesillere bildirilýän ynam gaty güýçli. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara döwletimizde uly orun berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan köpugurly ösüşlerde, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmelerde ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty saýylýan ýaş nesliň mynasyp orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtamagy şeýle mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda hem-de belent ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde, strategik maksatnamalarymyzyň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesillerimiziň mynasyp ornuny pugtalandyrmakda döredilýän şert-mümkinçilikler bolsa sözüň doly manysynda nusgalykdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi hem taryhy gymmata eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagy hakydamyzda hemişelik galar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly aladalar edýän hem-de ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jahan HAÝYTBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



