
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilimiň bahasy ýokdur, ylym-bilimden toplanan baýlyk adamzadyň hakyky baýlygydyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyz kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde beýik alymlaryň, filosoflaryň pähimlerini, şeýle-de täsin rowaýatlarydyr tymsallary mysal getirýär. Milli Liderimiz ylym-bilim babatda derwaýys meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolanynda, akyldar Magtymguly Pyraga ýüzlenýändigini belläp, ylym-bilimliligiň edeplilikdigini, her kime öz göwün söýen hünärinde taplanmagy üçin, onuň ylym-bilimliliginiň gerekdigini nygtaýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar.
Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri barada bimöçber atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Enegül ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.



