
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Mekdep mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Şeýlelikde, tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda türkmen wekilleriniň ýüzlerçesi daşary ýurtlara iberildi. Bilim işine dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ýaly ugurdaş düzümler bilen hem bilelikde işler alnyp barylýar.
Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Bu binalar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. 2023-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazgeldi MÄMMETGURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



