
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak meselesi dünýä derejesinde iň köp üns berilýän we wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň köpüsiniň daşky gurşaw meselesi bilen baglanyşykly bolmagy häzirkizaman dünýäsinde bu meseläniň ähmiýetinden habar berýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan howanyň üýtgemegi XXI asyrda adam saglygyna iň uly howp salýan mesele diýlip yglan edildi. BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 13-njisi hem howanyň üýtgemegine garşy göreş bolup durýar.
Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bu meselä beýle uly üns berilmeginiň esasy sebäbi daşky gurşawdaky üýtgeşmeleriň adamlaryň saglygyna we geljekki nesilleriň ýaşaýyş durmuşyna ýetirip biljek ýaramaz täsirinden gelip çykýar. Adamlaryň bu üýtgeşmelere şaýatlyk etmegi we bu hadysalaryň öňki döwürler bilen deňeşdirilende artýandygyny görkezýän ylmy barlaglaryň netijeleri jemgyýeti bu meselä üns bermäge mejbur edýär.
Bagyň howany arassalaýandygy, onuň düzümindäki zyýanly maddalary özüne siňdirýändigi, netijede ekologiýa abadançylygyny üpjün edýändigi ylym tarapyndan bireýýäm subut edildi. Hut şol sebäpden-de, häzirki wagtda bütin dünýä şu ýol arkaly ekologiýa howpsuzlygyny döretmäge çalyşýar. Bu babatda birnäçe halkara guramalary hem hereket edýär. Biziň ýurdumyz olaryň birnäçesiniň agzasy we «ýaşyl» diplomatiýany ösdürmek, tebigy gorlary netijeli ulanmagyň hasabyna işjeň ykdysady ösüşi üpjün etmek, dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durnukly ekologiýa ösüşini gazanmak bilen bagly teklipleri yzygiderli hödürleýär, kämil ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär.
Barha öňe gidýän dünýäniň ösüşi bilen baglylykda täze tehologiýalar, nou-haular, ylmy çözgütler döräp gidip otyr. Şolaryň düýp özeninde bolsa hökman ekologiýa abadançylygyny dürs berjaý etmek, azyk howpsuzlygyny döretmek meseleleri dur. Zeminiň abadançylygynyň bagy-bossanlykdadygy bolsa bireýýäm subut edilen hakykatdyr. Biziň günlerimizde tutuş dünýäde iň wajyp, aňrybaş möhüm mesele — bu ynsan zähmeti, aň-paýhasy bilen tebigatyň bitewi sazlaşygydyr. Şol sebäpli-de, halkara guramalary hem geljekde howanyň üýtgemegini, çölleşmek ýagdaýlarynyň köpelmegini, gurakçylygyň ýüze çykmagyny, ekologik bozulmalary, howa bug gazlarynyň has köp zyňylmagyny nazara alyp, anyk hasaplamalar, takyk ylmy kesgitlemeler esasynda amala aşyrylmaly işleriň möhümdigine barha köp ünsi çekýärler.
Daşky gurşaw meseleleri giň, düýpli we özara baglanyşykly bolup durmak bilen, olara garşy göreş şahsy, hojalyk, edara, döwlet we halkara derejesinde hereketi talap edýär. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny hem gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak, bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, daşky gurşawy we gözel tebigatymyzy gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulgerek BEGALIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.



