Žurnalistiň sahypasy

Ýyllar ýakymly gelýär

13-02-2024 / 15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.

2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlydygynyň beýanydyr.

Akyldar şahyrymyz ömürboýy türkmen halkynyň agzybir, jebis bolup bir döwlete gulluk etmegini, şeýle hem birleşip, garaşsyz, berkarar döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Üstümizdäki ýylymyzyň ganatly şygary watandaşlarymyzyň her biriniň türkmen nusgawy edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragy baradaky hakydasyny ebedileşdirmek bilen, beýik şahyryň, Gündogaryň ajaýyp akyldarynyň we öňdengörüjisiniň baky setirlerinde wasp edilen halkymyzyň kuwwatly özbaşdak döwlet hem-de parahat, abadan durmuş baradaky arzuwynyň amala aşandygyny tutuş äleme ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik döreder. Bize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysalyna gowuşmak bagty miýesser etdi. Hut şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilmegi bagtyýar halkymyzyň ýüreginde mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişine hem-de şu gününe buýsanç duýgularyny artdyrýar.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýakynlap gelmegi bilen nusgawy şahyrymyzyň ruhy tirsege galdy. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir goşgularydyr kitaplary bilen däl-de, eýsem, watansöýüjilik göreldesi bilen köňüllerde tagt guran şahyr. Akyldar şahyrymyzyň dürdäne setirleri biziň her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr, şamçyragly ýol-ýörelgedir.

Türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gyzylgül PALTAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu