
Çagalar baglarynda körpeler bilen geçilýän sapaklary oýunlar arkaly guramak özüniň oňat netijesini berýär. Döwrüň talaby bolan ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmek işi çagalar baglarynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Körpeleriň iňlis dilini öwrenmeklerini gazanmakda dürli öwrediji oýunlardan peýdalanmak netijeli bolýar.
Körpelere oýun oýnatmak olaryň sözleýiş dilini ösdürmekde, öwrenmek, akyl ýetirmek duýgularyny kämilleşdirmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle-de körpelere sahna oýunlaryny oýnatmak olaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna, bilesigelijiliginiň, işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Oýun çagalaryň dünýäsidir. Çagalara haýsydyr bir zady söz üsti bilen öwretmegiň ýerine şekilleriň üsti bilen öwretmek aňsat bolýar. Sebäbi olaryň kabul ediş duýgulary örän ýokary bolup, gören zatlaryny tiz ýadynda saklaýarlar. Şonuň üçin olara daşary ýurt dilleri öwredilende oýunlarda şekillerden peýdalanmak ýa-da olara oýun gahrymanlarynyň keşbiniň üsti bilen köp sözleri öwretmek täsirli bolýar.
Çagalar baglarynda toparlarda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä, keşpli we mazmunly oýunlar burçlary döredilýär. Şol oýunlary çagalar uly höwes bilen oýnaýarlar. Körpelere haýwanlar, ösümlikler barada düşünje berlende, şol bir wagtyň özünde olary goşmagy, aýyrmagy hem iňlis dilinde öwretmek bolýar. Şeýle-de sapagy gyzykly guramak, çagalarda iňlis diline bolan höwesi artdyrmak üçin audio-wideo materiallardan hem ýerlikli peýdalanylsa, sapagyň netijesi we hili ýokary bolar. Şonuň netijesinde, çagalar iňlis dilinde sanlary hem öwrenmäge başlaýarlar.
Şeýle öwrediji oýunlar arkaly körpeleriň daşary ýurt dillerine bolan höweslerini artdyrmak, şeýle-de sapagyň täsirliligini ýokarlandyrmak we çagalaryň alan bilimlerini berkitmeklerini gazanmak bolýar. Sapagy gyzykly guramak, çagalarda iňlis diline bolan höwesi artdyrmak mugallymyň her bir sapagyna döredijilikli çemeleşmegini talap edýär.
Gülälek HOJAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.



