
Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudagyny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda ähmiýetlidir. Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredilýär.
Ykdysadyýetiň pudaklaryna täze innowasion, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagaty döretmek, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aýyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.
Ýurdumyzda ykdysadyýeti, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly ugurlary sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan işleriň netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri uly üstünlikleriň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni merkezler, sport we iri söwda merkezleri, ýokary hem-de orta okuw mekdepleri Arkadag şäheriniň geljegiň şäheri hökmündäki abraýyny ýokarlandyrýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna we internet serişdelerine esaslanýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy üçin tagalla edýän, Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



