Žurnalistiň sahypasy

Dünýäniň şanly senesi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

11-02-2024 / 11

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Munuň özi beýik şahyrymyzyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň ýene bir ykrar edilmegidir.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.

Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler. Beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, kitaplary taýýarlamak, makalalar hem goşgular ýygyndylaryny çap etmek, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», «Magtymguly portalyny» döretmek we ony neşir etdirmek ýaly ençeme işleriň berjaý edilýändigini biziň her birimizi buýsandyrýar.

Umuman, şu günler Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatyny dünýä ýaýmak babatda saldamly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň, türkmen we türki dilli halklar bilen bir hatarda, ähli milletlerdir halklar tarapyndan ykrar edilmeginiň esasy sebäbi, eserlerinden duýluşy ýaly, onuň ýüreginiň halk, adamzat we dünýäniň abadançylygy diýip urmagyndadyr.

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
«Marypagta» önümçilik birleşiginiň Tagtabazar pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmeni, TKA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu