Žurnalistiň sahypasy

Arzyly kitaba buýsanjymyz

11-02-2024 / 13

Lebap welaýatynyň  Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy beýik buýsanç bilen geçirildi.

Bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar barada edýän aladalarynyň aýdyň nyşanydyr. Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ýaňy-ýakynda döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza sowgat berdi.  Täze kitapda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz üçin ýadawsyz aladalar edilýändigi, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi giňişleýin beýan edilýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, ýokary okuw jaýlarynda, ähli bilim edaralarynda bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Biz — bilim işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň  daýanjy» kitabyny sapaklarymyzda, terbiýeçilik işlerini geçirenimizde uly buýsanç bilen peýdalanýarys.

Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan , kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen her bir günümiz şanly wakalara beslenýär.  Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milletimiziň baý medeni mirasyna bolan gyzyklanmalary, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Halkymyz köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri döredipdir. Biz — mugallymlar, mekdep okuwçylarymyz hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewden doly, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerini höwes bilen okaýarys, terbiýe mekdebi edinýäris. Beýik işleri durmuşa geçirýän we ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şemşat GURBANMYRADOWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, biologiýa mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu