
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly sebitde ýerleşmegi, dünýäniň ösen döwletleri bilen çig mal, söwda, ykdysady, syýasy, medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy ýola goýmagy döwletimiziň abraýyny has-da belende çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon özara hyzmatdaşlygy hem täze derejelere çykarylýar.
Ýaponiýanyň medeniýeti çendenaşa baý we köpdürli. Özboluşly ýapon däp-dessurlarynyň döremegi taryhyň möhüm wakalaryna esaslanýar. Hakykatdan-da, Ýaponiýa öz halkynyň kesgitli mentaliteti we häsiýetli alamatlaryna daýanyp, dünýäde öz ornuny tapdy we kuwwatly ösen döwlete öwrüldi.
Ýaponiýa Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi gazanyldy. Ol gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine almak bilen, ýylyň-ýylyna baýlaşýar.
Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim babatda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde ýurtlarymyz halkara durmuşyň derwaýys meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly umumy tagallalara mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Hut medeni däpler, milli miras biziň üstünlikli öňe hereket etmegimiziň esasy bolup durýar. Bu babatda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýöredýän ugry örän ýakyndyr» diýip belleýär. Islendik halkyň mirasyny, taryhyny öwrenmek üçin, onuň dilini öwrenmek ýeterlikdir. Sebäbi dil — bu milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr. Muňa ýapon diline ser salanymyzda hem göz ýetirmek mümkin. Ýeri gelende bellesek, Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyplary Merkezi Aziýa dilleri fakultetiniň okuw maksatnamasyna goşulan türkmen dilini öwrenip başladylar. Bu uniwersitetde türkmen dili we edebiýaty bölümi hem açyldy.
Ýurdumyzyň mekdeplerinde ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnama hereket edýär. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we ýöriteleşdirilen orta mekdep açylyp, olaryň maksatnamasyna ýapon dili girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu uniwersitetde talyplara ýapon dili has içgin öwredilýär.
Jahan TAŇRYBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



