
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň giň we köpugurly döredijilik dünýäsi ähli okyjylaryň söýgüli eseridir. Çünki beýik söz ussadyň döreden halka ýakyn şygyrlary durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açmak bilen, okyjylara öwüt-ündew berip, olary agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýar.
Magtymguly atamyz, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, ene-atany söýmegi, zähmetsöýerligi özüniň ajaýyp şygyrlarynyň üsti bilen wagyz edipdir. Şeýle hem ol setirleriň üsti bilen özüňi medeniýetli alyp barmak, birek-birege hoş söz aýtmak, ýagşylardan görelde almak, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşda durmak ýaly ynsan durmuşyny bezeýän häsiýetler köp ündelýär
Beýik şahyryň käbir setirleriniň halk nakyllaryna öwrülip, dilden-dile geçip halkyň arasynda ýaşap gelýändigini hem aýtmak gerek. Muňa mysal edip:
«Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz» ýa-da
«Aklyň bolsa märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär»
«Saglygyň gadyryn bilgil,
Hassa bolmazdan burun» ýaly setirleri getirip bileris.
Şu esasdan hem watanperwer nesilleri kemala getirmekde, hakyky il ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde beýik şahyryň şygyrlary ruhy gollanmadyr.
Aýlar AWDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



