
Arkadag şäheri ýurdumyzda hem-de sebitde ilkinji «akylly» şäherdir. Munuň üçin bolsa, şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanan wagtyndan raýatlaryň hemmetaraplaýyn zerurlyklaryny nazarda tutmak bilen, dünýä tejribesiniň ýaşaýjylar üçin iň amatly bolan ugurlarynyň biri hökmünde «akylly» şäher konsepsiýasy saýlanylyp alyndy.
Täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Bu ýerde halkara standartlaryna, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara we myhmanlara ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.
«Akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylan ýaşaýyş jaýlary geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Bu öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Şäheriň «akylly» öýlerinde «LoRaWAN» (Long Range Wide Area Network — Uzak aralykdan giň meýdan tory) enjamlary ornaşdyrylyp, bular yşyklandyryş we ýyladyş enjamlaryny dolandyrmak we olara gözegçilik etmek üçin hyzmat edýär. Bu innowasion tehnologiýa öý eýelerine enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga hem-de energiýany tygşytlamaga ýardam berýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin nazary bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini, pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Mysal üçin, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy. Şonuň bilen birlikde, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde «akylly» ulgamy goldamak işlerini amala aşyrdylar.
Mähri DAÑATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Lukmançylyk fizikasy we informatikasy mugallymy.



