
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlydygynyň beýanydyr.
Akyldar şahyrymyz ömürboýy türkmen halkynyň agzybir, jebis bolup bir döwlete gulluk etmegini, şeýle hem birleşip, garaşsyz, berkarar döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Üstümizdäki ýylymyzyň ganatly şygary watandaşlarymyzyň her biriniň türkmen nusgawy edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragy baradaky hakydasyny ebedileşdirmek bilen, beýik şahyryň, Gündogaryň ajaýyp akyldarynyň we öňdengörüjisiniň baky setirlerinde wasp edilen halkymyzyň kuwwatly özbaşdak döwlet hem-de parahat, abadan durmuş baradaky arzuwynyň amala aşandygyny tutuş äleme ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik döreder. Bize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysalyna gowuşmak bagty miýesser etdi. Hut şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilmegi bagtyýar halkymyzyň ýüreginde mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişine hem-de şu gününe buýsanç duýgularyny artdyrýar. Şeýle-de halkymyzyň ata-baba pent-nesihatlaryna wepadarlygyny, ynsanperwerligiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylygyň we döredijiligiň ýörelgelerine aýratyn ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler uly üstünliklere beslenýär, berkarar döwletimiziň mizemezligi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barha berkeýär. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşaýar. Bir supranyň başyna jemlenen halkymyzyň tutýan toý-baýramlarynyň dabarasy dagdan aşýar.
Roza BABAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



