
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedew bady bilen barha öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär.
Şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp uly üstünliklere ýetýärler. Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.
Geçen ýyly jemläp, halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen dabaralandyryljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyryljak işlere badalga berýän täze kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Aýratyn-da, ol ýaşlary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we millilige sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.
Biz – ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



