
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär.
Milli Liderimiziň gol çekip, tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza «sanly» özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyzdan bäri kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.
Durmuşymyza sanly bilim ulgamyny pugta ornatmak işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar.
Türkmenistan kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň we goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly önümçiligi ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda intenet tory uly rol oýnaýar. Häzirki döwürde durmuşymyzy internetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Internetden diňe gowy maksatlar bilen peýdalanmak, netijede, maglumat goruňy giňeltmek zerur.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle-de Watanyň geljegi, daýanjy bolan ýaş nesliň zehinini artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar.
Sähragül GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyñ mugallymy.



