Žurnalistiň sahypasy

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

06-02-2024 / 13

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmekden gözbaş alyp, degişli ugurda gazanylýan üstünlikler her birimizi guwandyrýar.

Ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başy başlanan sanly reforma döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar.

Konsepsiýa laýyklykda, halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde döwlet edaralarynyň internet saýtlary ýerleşdirildi.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy örän anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýar. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen kuwwatly senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär.

Aýna ÇOPANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu