Žurnalistiň sahypasy

Paýhasyň parlakdyr, Magtymguly Pyragy!

06-02-2024 / 14

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň köp ugurly döredijilik dünýäsi umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Beýik şahyryň döredijiligi, onuň dürli ugurlary öz içine alýan şygryýet ummany islendik adamy ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletlilik, adalatly döwlet gurmak barada şeýle kämil pikirleri öňe süren Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Magtymgulynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. Geçen ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilen çözgüde laýyklykda, 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bolsa onuň ýubileýi mynasybetli guraljak çäreleri halkara derejede giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy hem milli we halkara derejede uludan bellenilipdi. Diňe şol döwürde onuň şygyrlarynyň daşary ýurt dilleriniň 20-ä golaýyna terjime edilmegi hem türkmeniň beýik söz ussadynyň umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, eýýäm geçen ýyldan badalga alan dürli mazmunly çäreler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da giň gerim alar. Ýurdumyzda we dünýäniň çar künjeginde geçiriljek maslahatlardyr forumlar, duşuşyklar, edebiýat agşamlary çeper söze sarpa goýýan ynsanlary Pyragynyň döredijiliginiň daşynda jemlemäge, onuň şygryýet dünýäsine, paýhas ummanyna içgin aralaşmaga ýardam eder.

Üç asyr mundan ozal türkmen topragynda berkarar döwleti gurmaga çagyryş bilen çykyş eden Magtymguly Pyragynyň arzuw-islegleri özbaşdaklygymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy netijesinde hasyl boldy. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda döwletliligimiziň, Garaşsyzlygymyzyň binýady bu günki gün has-da pugtalandyrylýar.

Tamara DURDYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 34-nji orta mekdebiñ türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu