Žurnalistiň sahypasy

Gaýratly ýaşlara mynasyp baha

06-02-2024 / 17

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykyp, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy agzybir halkymyzyň köňül buýsanjyny has-da artdyrdy.

Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň ýurduna öwrülen Türkmenistanda ýaşamaga, okamaga, hünär edinip, halal zähmet çekmäge eýe bolan ýaşlarymyzyň döredijilik güýjüni, yhlasyny, zehinini aýdyň açyp görkezýän bu ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebinde hem ruhubelentlige beslenip geçirildi. 

edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň çuňňur many-mazmuna beslenen kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn nygtalyp geçildi. Kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda bitirilen şöhratly işler, ýaş nesliň bu beýik işlerdäki orny mynasyp wasp edilýär. Hut şu ýagdaýyň özi-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň gymmatyny has artdyrýar. Ol okyjylar köpçüliginiň, esasan-da, ýaşlaryň iň arzyly eserleriniň hatarynda orun alýar. Orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarymyzyň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde zehinlerini görkezip, mynasyp bolýan altyn, kümüş we bürünç medallary Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmen türgenleri dünýä derejesinde sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilýän bäsleşiklerde ýeňiş gazanmagy başarýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny subut edýärler. Bu guwançly gürrüňler dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň buýsançlaryna buýsanç goşdy. Ýokary hilli çap edilen kitapda ýerleşdirilen fotosuratlar bolsa many-maňyzly sözleriň üstüni ýetirip, okyjylaryň göwnüni göterýär.

Salamat NARZULLAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu