Žurnalistiň sahypasy

Bagtyýar ýaşlara sowgat

05-02-2024 / 12

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň garaýyşlara hem-de gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy.

Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär. Adyndan belli bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseri ulus-ilimiziň bähbidine gurýan, döredýän ýaşlar we olaryň bagtyýarlyga beslenen durmuşy hakynda. 

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Hut şu günki ýaşlar röwşen geljegimizi gurujylar hasaplanylýar. Taryha giren geçen ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda-da şu durmuş pelsepesi ýatyr. Elbetde, ýaşlaryň durmuşda öz orunlaryny tapmaklary, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin kämil kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmelidigi öz-özünden düşnükli. Geçen ýyl hut şu ýörelgelerden ugur alnyp, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şonuň ýaly-da türkmen ýaşlarynyň bilim almaga, hünär öwrenmäge, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga bolan hak-hukuklaryny doly kepillendirmek maksady bilen öňden hereket edip gelýän kanunçylyk-hukuk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi.

Şeýle oňyn başlangyçlar durmuşda öz miwelerini berip başlady. Ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, hünärleri kämil ele alan ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öndürijilikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ýaş nesliň wekillerini ýerli öz-özüňi dolandyryş we kanunçykaryjylyk edaralaryna giňişleýin çekmek, olaryň ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny il-ýurdumyzyň ösüşleriniň bähbidine gönükdirmek babatda köp işler edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserindäki her bir jümle maňzyňa batýar. Kitapdaky: «Geçilen ýollar külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri» diýen parasatly setirler has-da ýüregiňe jüňk bolýar. Ýokarda gürrüňi edilýän ölçeg birlikleri biziň durmuşda gazanýan üstünliklerimiziň, ädýän şowly gadamlarymyzyň görkezijisidir. Türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolýandyklary döwlet Baştutanymyzyň kitabynda anyk maglumatlar arkaly giňişleýin beýan edilýär.

Bu eser her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi. Täze taryhy döwrümiziň şatlykly günlerinde täze eserini sowgat edendigi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Genjihal HASANOWA,
Çärjew etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu