Žurnalistiň sahypasy

Kitaba sarpa — durmuşa söýgi

05-02-2024 / 20

Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň desse-desse çemenini sowgat berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini okanyňda, Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar raýatlaryna — ýaş nesillerine buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Çünki Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä aýan etmäge mümkinçilik gazandy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistan daşary syýasatynda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik aldy.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýaş nesillere ata Watanyny, il-gününi, ata-enäni päk zähmeti söýmegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserlerdir. Biz şeýle çuňňur many-mazmunly eserleri okap, öwrenip, eserlerde gelýän täsirli maglumatlary öz okuw-terbiýeçilik işlerimizde we çärelerimizde giňden wagyz edýäris. Kitaplar hakyky edep-terbiýe mekdebidir.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň milli ideologiýasyny özünde jemleýän ajaýyp kitaplarynyň ýalkymy asyrlardan-asyrlar aşyp, ýolumyza şugla saçsyn!

Sülgün MAGTYMOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu