Žurnalistiň sahypasy

Buýsanasyň gelýär Galkynyşly döwrümize

05-02-2024 / 12

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Ajaýyp döwrümizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermek dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlaryny oňyn dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, edil ertekilerdäki köşkleri ýadyňa salýan döwrebap ak mekdeplerdir kaşaň çagalar baglaryny, olarda berilýän bilimiň hilini ýokary derejede alnyp barylýandygyny, bu ugurda daşary döwletler bilen işjeň alnyp barylýan hyzmatdaşlygy buýsanç bilen aýdyp bileris.

Her bir milletiň, halkyň geljegi ýaş nesil bolup durýar. “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň  ýaş nesil terbiýesi baradaky edýän atalyk aladalary her bir ýaş nesli  Watanymyza wepaly bolmak ruhunda terbiýelemek, ýokary ahlakly, adamkärçilikli edip ýetişdirmek geljekde ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine uly ynamdyr.

Her bir ýaş nesliň ilkinji terbiýesi maşgaladan başlanýar. Biziň halkymyz gadymdan gelýän halk bolup,  ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi esasy borjy  hasaplaýar. Millilik düşünjesi halkymyzyň süňňüne ornaşyp, asyrlaryň dowamynda  nesilden-nesle geçip gelipdir. Türkmen halkynyň milliligi onuň dilinde, edim-gylymynda, däp-dessurynda hem-de nesil terbiýesinde bolup durýar. Bu barada beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem birnäçe goşgulary miras galdyrypdyr.

Biz hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän toýly ýylda çagalar bagymyzda şahyryň hormatyna bagyşlanan birnäçe çäreleri we sapaklary yzygiderli geçirýäris. Bagymyzda terbiýelenýän körpelere Magtymguly atamyz barada giňişleýin maglumatlary, onuň many-mazmuna diýseň baý  öwüt-nesihatlaryny, her bir sözi dür goşgy setirlerini wagyz edýäris we ony ýaş nesliň aňyna goýmaga ýykgyn edýäris. 

Watanymyzyň güllemegi ugrunda, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary  aman bolsun! Hormatly Prezidentimize biz – bilim işgärleri üçin göreldeli zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Amangül KULMANOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu