
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi, sözüň doly manysynda, ýaş nesil baradaky aladanyň we beýik şahsyýetlere hormat goýmagyň nobatdaky nusgasyna öwrüldi. Muny mejlisiň dowamynda kabul edilen çözgütler hem tassyklaýar.
Mejlisde-de nygtalyşy ýaly, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň bina edilmegi beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýeri gelende bellesek, hormatly Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkellerini oturtmak baradaky teklibi öňe sürdi. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy hem özüniň gymmatly eserlerinde şol ýörelgeleri öňe sürüpdir.
Ylham güýji bilen halkymyzyň adyny dünýä çykaran şahsyýetlerimiziň hormaty hemişe başymyzyň üstünde. Ýurdumyzda olaryň heýkellerini oturdyp, taryhy ýadygärlikleri döwlet goragyna alyp, ýaş nesilleriň çuňňur öwrenmekleri we geljekki nesillere ýetirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Aýgözel ÇARYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



