Žurnalistiň sahypasy

Dil bilen dünýäni gezer

04-02-2024 / 30

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaş nesliň kämil blimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurduň bilim binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde gaýragoýulmasyz işler amala aşyrylýar.

Döredilýän giň müminçiliklerden ruhlanýan türkmen ýaşlary hem beýleki zerur bilimler bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmeklige uly isleg bildirýärler. Orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna rus, iňlis dili ýaly daşary ýurt dillerini öwretmekligiň giňişleýin girizilmegi we daşary ýurt dillerini öwretýän ýörite dil merkezleriniň hereket etmegi ýaşlaryň bu baradaky isleglerini kananagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Elbetde, başga halkyň gürleýän dilini öwrenmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol köp taýýarlygy, irginsiz zähmeti talap edýär. Dilçi alymlar täze dil öwrenilende şol dili ene diliňiz ýaly öwrenmegi maksat edinmeli däldigini, esasy zadyň gepiňizi düşündirip bilmekdigini belleýärler.

Häzirki wagtda iňlis dili dünýäde 360 million töweregi adamyň ene dilidir. Bir milliard adamyň bolsa, iňlis dilini ikinji dil hökmünde bilýändigi çaklanylýar. Her diliň gurluşy tapawutly bolup, bu ýagdaý dil öwrenilende beýnini işjeňleşdirýär. Şeýle hem daşary ýurt dilindäki sesler hem başgaça bolup, suwara gürlemek üçin diliňi ýençmeli bolýar. Bular beýnini has hem işjeňleşdirýär.

«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlişi ýaly, häzirki wagtda dil öwrenmek ösen tehnologiýalar zamanasynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Mundan başga-da, adam gündelik ulanylýan sözleriň başga meňzeş many aňladýan sözler bilen çalşylyp ulanylmagyny gazanmalydyr. Bu tejribe ynsanyň dil aragatnaşygynyň, psihologik ýagdaýynyň kämilleşmegine peýdalydyr.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaş nesliň zehinini artdyrýar, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Ýazmak dil öwrenmegiň başlangyjy hasaplanýar. Belli filologlaryň okuw usullaryndan biri hem dil öwrenilende, şol bir sözi bir-iki sahypany dolduryp ýazmakdyr. Bu usul sabyrlylygy, maksadaokgunlylygy artdyryp, täze öwrenilýän sözüň çalt aňda galmagyna getirýär. Şonuň ýaly hem öwreniljek dili şol dildäki filmleri görüp, aýdymlary diňläp, şol dilde gepleýän adamlar bilen başardygyňdan söhbetdeş bolup hem özbaşdak öwrenip bolýar. Umuman, her bir işde şol işe bolan höwes we yhlas zerur bolup durýar. Biz – mugallymlar hem ýaşlara daşary ýurt dillerini döwrebap derejede öwretmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Çünki munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ähli mümkinçilikler bar.

Gülsere BAZAROWA,
Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu