
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek möhüm mesele bolup durýar.
Ýadyňyzda bolsa, wajyp maksatdan ugur alnyp, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna, ösdürilmegine ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady boldy. Degişli hukuk namasyna laýyklykda, iňňän möhüm ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleriň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet häkimiýet edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiler tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde amala aşyrylmagynyň esasy kadalary anyk beýan edilýär. Sanly hyzmatlar wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga hem amatly şertleri döredýär.
2022-nji ýylda kabul edilen uzakmöhletleýin resminama — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hususan-da, bu maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk ugurlaryny we täze wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.
Bir hakykat bar: ykdysadyýet hem, tehnika hem, dolandyryş hem, umumy durmuş hem bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Sanly maglumat ulgamlarynyň geriminiň giňeýän döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýet bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly kämilleşdirmegiň näderejede zerurlygy öz-özünden düşnüklidir.
Umuman, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder.
Gülnara JUMABAÝEWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



