Žurnalistiň sahypasy

Beýik işleriň waspnamasy

03-02-2024 / 11

Çuň mazmunly kitaplar ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şöhratly taryhymyzdan orun alan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi hem türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Täze neşirde ýaşlar hakynda buýsandyryjy sözleriň, ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň, şeýle hem ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň giňişleýin beýan edilmegi ýaşlary täze zähmet üstünliklerine, beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda geçen ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy, şeýle hem 2023-nji ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň halkara forumynyň geçirilmeginiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygy barada aýratyn bellenilip geçilýär.
Üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda bitirilen şöhratly işler, ýaş nesliň bu beýik işlerdäki orny kitapda mynasyp wasp edilýär. Hut şu ýagdaýyň özi-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň gymmatyny has artdyrýar. Neşirde ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tapawutlanan ýaşlaryň atlarynyň agzalmagy döwlet ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň ajaýyp netijesidir.

Umuman, bu kitap ýaşlar üçin möhüm gollanmadyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýşi ýaly, kämil aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesliň terbiýelenmeginde, täze açyşlary bilen ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşandyny goşjak ýaş alymlaryň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ähmiýeti örän uludyr.

Näzik KADYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu