
Şan-şöhrata beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar bilen barylýan nurana günlerde hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykyp, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy agzybir halkymyzyň köňül buýsanjyny has-da artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm orna eýe boldy, bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji ajaýyp eseriniň hem şol ýylyň şatlykly pursatlarynda çap edilmegi ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserindäki her bir jümle maňzyňa batýar. Kitapdaky: «Geçilen ýollar külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri» diýen parasatly setirler has-da ýüregiňe jüňk bolýar. Ýokarda gürrüňi edilýän ölçeg birlikleri biziň durmuşda gazanýan üstünliklerimiziň, ädýän şowly gadamlarymyzyň görkezijisidir. Türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolýandyklary döwlet Baştutanymyzyň kitabynda anyk maglumatlar arkaly giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygy ündelýär. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilime bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa geljegiň bilimli, ylymly ýaşlara bagly boljakdygyny alamatlandyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz hemişe bilime, ylma teşne adamlar bolmalydyr. Bu beýik garaýyş täze taryhy eýýamda ýaşlaryň durmuş ýörelgesiniň gözbaşynda durmalydyr.
Şeýle gymmatly pikirleri bilen kalplarda ak arzuwlary oýarýan, beýik geljege bolan ynamy berkidýän çuň manyly eseri halkymyza sowgat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!
Mehri ROZYBAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň talyby.



