
Ýurdumyzda ýaş nesliň sowatlylygyny gazanmak ugrundaky wezipeler mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň daşary ýurt dillerini mynasyp öwrenmeklerini, olaryň daşary ýurt dillerinde gürlemek boýunça ilkinji endiklerini kemala getirmek işine usulyýetiň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şoňa laýyklykda, çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dilleri barada ilkinji düşünjeler berilýär, olary öwretmek üçin bilim we terbiýe bermegiň innowasion usulyndan giňişleýin peýdalanylýar.
Biziň çagalar bagymyzda hem milli bilim syýasatyndan, terbiýeçilik ýörelgelerinden ugur alnyp, degişli okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda, çagalara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Degişli düzgünnamalar esasynda daşary ýurt dilleri ýöriteleşdirilen häsiýetde geçilýär.
Çagalar bagymyzda daşary ýurt dili mugallymlara usuly kömek bermek işi hem yzygiderli dowam etdirilýär. Bu babatda mugallymlaryň daşary ýurt dili sapaklaryny baý mazmunly geçmekleri üçin gollanmalary, görkezme serişdeleri yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, oňyn we döwrebap gurşaw, öňdebaryjy iş tejribesine daýanýan usulyýet we sanlylaşdyrylan sapaklar bagtyýar çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerine şert döredýär.
Çagalar bagymyzyň degişli okuw otaglarynyň çagalyk dünýäsine we diller älemine mahsus bezelişine, sanly ulgam boýunça işlenip düzülen taslamalaryň ornaşdyrylyşyna, elektron maglumat gorunyň baýlaşdyrylyşyna üns bermek we ony yzygiderli dowam etmek arkaly bolsa körpeleri dil öwrenmäge höweslendirýäris, hünärlerini kämilleşdirýäris. Bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen şeýle mümkinçilikler bolsa geljekde hem özümize bildirilen ynamy ödemek üçin ýaş nesillerimiziň röwşen ertirleri, sagdyn irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, terbiýeliligi we sowatlylygy ugrunda yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesil hakdaky aladany ileri tutup, milli bilimiň kuwwatyny artdyrýan, dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli gatnaşyklary alyp barýan, ata Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.
Kifaýat NARMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň müdiri.



