
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu sebitde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwat bar.
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. 2005-nji ýylda Aşgabatda Ýaponiýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Tokioda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy, iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýete eýe boldy. 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Hyzmatdaşlyk ýyllary içinde ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ulgamlarda ösdürilip, hil taýdan ýokary derejelere çykdy.
Türkmenistan bilen Ýaponiýa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde, ýurtlar global meseleler boýunça, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly umumy tagallalara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň dekabrynda hem-de 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa döwletine bolan sapary dostlukly gatnaşyklaryň ýylýazgysynda täze taryhy sahypany açdy.
Dünýä belli ýapon kompaniýalary biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki zaman enjamlary ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalar özleriniň ägirt uly tejribelerini, iň täze tehnologiýlaryny hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryny hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirmäge ymtylýarlar. Ýapon kompaniýalarynyň esasy ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatyna doly laýyk gelýär.
Ýaponlarda uzak ömri arzuwlaýan, öňe bolan hereketi alamatlandyrýan «Banzaý!» diýen söz bar. Bu türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy-ýygydan peýdalanýan «Öňe!» diýen şygary bilen juda meňzeşdir. Türkmen-ýapon gatnaşyklary hem täze müňýyllykda iki dostlukly halkyň ýokary ruhuna, baý medeniýetine, zähmetsöýerligine, parahatçylyk söýüjiligine esaslanyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ilerleýär.
Oguljennet BATYROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



