
Ýaş türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr.
Bu günki gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri yzygiderli gurlup, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady taýýarlanyldy. Döwrebap multimedia enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp çagalar baglary we mekdepler ýaş türkmenistanlylaryň ygtyýaryndadyr. Ýurdumyzda çagalaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleriniň we beýlekileriň ösdürilmegine berilýän ägirt uly döwlet maýa goýumlary hut şu işlere gönükdirilendir.
Çagalaryň geljegi ählitaraplaýyn goralýar we goldanylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hereket edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar.
Ýurdumyzda irki bilim almagyň öňdebaryjy maksatnamalary ornaşdyrylýan mekdebe çenli ýaşly bilim ulgamy hem giň ösüşe eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, şol sanda sanly bilim ulgamyny ýokarlandyrmak hereketi hem döwlet derejesinde giňden höweslendirilýär.
Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaş raýatlaryň — biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan bagtyýar çagalaryň gülki-sesleri, şat owazlary hemişe belentden-belent ýaňlanyp dursun!
Gülşat TÖRÄÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



