
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň garaýyşlara hem-de gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm orna eýe boldy, bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji ajaýyp eseriniň hem şol ýylyň şatlykly pursatlarynda çap edilmegi ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabyň «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýen bölüminde: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar» diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem, beýik işler halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumlardyr. Her bir ynsan Watana bolan söýgüsi bilen durmuşyň täze belentliklerine, üstünliklere ýetip biler.
Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda kabul edilen degişli kanunçylyk namalary ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň berk hukuk esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde degişli maksatnamalar esasynda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Şunda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Oňa laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynda bu strategiýada türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigi barada hem aýdylýar. Bu strategiýanyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly halkara forumy üstünlikli geçirildi. Ol ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm waka boldy. Agzalan strategiýanyň kabul edilmeginiň netijesinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi taýdan agzalyga kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly şeýle taryhy wakalardyr gazanylan üstünlikler hem giňişleýin teswirlenýär.
Ata Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Şemşat BAÝÝAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.



