
Biziň geljegimiz bolan çagalar baradaky alada diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşine-de, özgerişine-de bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýada, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çaganyň doly derejede kemala gelmegini üpjün etmek we olaryň bähbitlerini goramak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hem çagalaryň irki ösüşini talabalaýyk gazanmaga esas döredýär we bu ugurda ýola goýlan işlere hukuk çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksinde» kiçi ýaşly aýratyn hem 0-3 ýaşly çagalara döwlet kömek puluny bermek ýaly durmuş taýdan goramak çäreleri alnyp barylýar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda hem halkara we milli derejeli çäreleriň uly toplumy durmuşa geçirilip, olar sagdyn nesliň kemala gelmegini we mynasyp ösmegini hem-de köpelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gazanasynyň döredilmegi hem bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň üstüni ýetirýär.
Ýeri gelende bellesek, heniz mundan on ýyla golaý ozal, has takygy BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2013-nji ýylda geçiren Çaganyň irki ösüşiniň ýagdaýynyň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi üçin amatly şertleriň bardygy hem-de ösüşiň şeýle möhüm ugrunda düýpli özgertmeleriň ýokary depgin bilen durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.
Şeýle işleriň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylmagy bolsa degişli hünärmenleriň we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, häzirkizaman çemeleşmelerini tiz özleşdirmeklerine we ulgama ornaşdyrmaklaryna, hyzmatlaryň ýokary hilli we integrirlenen häsiýete eýe bolmagyna, sanly usulyýetiň netijeli peýdalanylmagyna itergi berýär.
Mährijemal OMAROWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.



