Žurnalistiň sahypasy

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

26-01-2024 / 15

Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlarynyň biridir. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleri, ahlak gymmatlyklary, Watana bolan söýgüsi, milli däp-dessurlara hormaty, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarlylygy kemala gelýär. Çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar. Bu babatda halkymyz asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ýörelgeleri kemala getiripdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çagalaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen hukuk kepillikleriniň toplumynda öz beýanyny tapýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine wajyp orun degişlidir. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ýaş nesliň aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ýaş nesilleriň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda bu ugurda düzümleýin özgertmeler we maksatnamalar, hususan-da, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa durmuşa geçirilýär.
Ýaş nesilleriň abadançylygynyň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişli bolup durýar.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlerine çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda, çagalar sagaldyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ýaşaýyş toplumlarynda stadionlaryň, beýleki ugurdaş desgalaryň, sport mekdepleriniň gurulmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Yzygiderli türgenleşikler, beden maşklary adam häsiýetini taplaýar, ýaşlarda maksada okgunlylygy, durnuklylygy, zähmetsöýerligi, tertipliligi, saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkidýär.

Çaganyň irki ösüşiniň hil we mazmun taýdan ýokary derejeli bolmagy, aňrybaş şertlerde bilim-terbiýe almagy umumadamzat ösüşiniň düýp özenidir, maşgalanyň, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyň ygtybarly binýadydyr.

Enejan HALILLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu