Žurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň öwütleri — nesillere ýörelge

27-01-2024 / 14

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi akyldar şahyryna belent sarpa goýýan halkymyzy, şol sanda ähli bilim-terbiýeçilik işgärlerini hem buýsandyrdy. Çünki Pyragynyň edebi mekdebi ýaş nesilleri terbiýelemekde, olaryň ylma aralaşmaklaryna ýol açmakda şamçyrag bolup durýar. Şoňa görä-de, Magtymguly atamyzyň öwüt-ündewlere, terbiýe taglymatyna ýugrulan ajaýyp eserleri häzirki taryhy döwrümizde hem bilim-terbiýeçilik işinde işjeň peýdalanylýar.

Ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň şygryndan ugur alnyp buýsançly şygara eýe bolmagy bu ugurda alnyp barylýan terbiýeçilik ugurly işleri has-da işjeňleşdirmäge, onuň mazmuny arkaly nesillerde döwletli döwre, milletiň akyldaryna hormat duýgusyny ebedileşdirmekde baý mazmunly mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara gatnaşylýar. Munuň özi nesil terbiýesi we sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir.

Güljahan ABAMOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu