Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara ynam — geljege binýat

29-01-2024 / 13

Türkmen halky şöhratly taryhyň dowamynda özüniň meşhur şahsyýetleri we milli mirasy bilen dünýä jemgyýetçiliginde görnükli orna eýe bolupdyr. Halkymyz nesil terbiýesine hemişe uly ähmiýet berip, olaryň ylymly, bilimli, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin uly tagallalary edipdir.

Geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitlere nazar aýlanyňda, ýurdumyzda ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde uly ornunyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bolsa häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin watansöýüji, merdana nesilleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly aýratyn möhüm orna eýe boldy. Hut geçen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine goşulmagy, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bular bolsa halklaryň arasyndaky bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga giň şertleri döredýär.

Türkmen ýaşlaryny baky bagtyýarlyga alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu