
Islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň gözbaşynda ylym-bilim durandyr. Çünki diňe ylymdan, bilimden ýüküň ýetik bolanda üstünliklere we maksatlara ýetip boljakdygyny durmuş tejribesi görkezip gelýär. Hut şu esasdan hem türkmen jemgyýetinde irki döwürlerden bäri nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklary ugrunda aýratyn aladalanylyp gelinýär. Bu hakykata şöhratly taryhymyzda dörän dünýä beýik şahsyýetlerimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň dörändigi bilen hem göz ýetirmek mümkin. Berkarar zamanamyzda bu ugurdaky işlere has giň gerim berildi.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki möhüm ädimler ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagyny gazandyrdy. Indi ýaşlarymyz döwrüň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim ojaklarynda dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde bilimlerini kämilleşdirýärler. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň şäherlerinde we sebitlerinde gurlup ulanylmaga berilýän onlarça bilim we terbiýeçilik edaralary okuw-tehniki serişdeler, kompýuterler, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilendir.
Ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bilen birlikde kämil terbiýe bermeklige hem aýratyn ähmiýet berilýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda sagdynlyga, edep-terbiýä, halypa-şägirtlige gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde aýratyn orny bardyr. Şu esasdan ýaş nesilleriň arasynda geçirýän terbiýeçilik ähmiýetli çärelerde asyllylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ynsany bezeýän gylyk-häsiýetler, jemgyýetimize laýyk gelýän edep-kadalar dogrusynda täsirli gürrüňlere aýratyn orun berilýär. Çünki bu meseleler nesil terbiýesinde möhüm orna eýedir.
Şahla RAHMEDOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.



