
«Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
Biz geçen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk. Hemmämiz üçin möhüm ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi we amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde ukyp-başarnykly ýaş nesliň zehinlerini ýüze çykarmaga ýene giň mümkinçilikler açyldy.
Şonuň ýaly-da, şanly üstünliklere beslenen geçen ýylymyzda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň işe başlamagy ýaşlaryň döredijilik we çeper-publisistik eserlerini dünýä dillerinde köpçülige ýetirmäge ýene bir mümkinçilik döretdi.
2023-nji ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitleýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günlerinde Köpetdagyň eteginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylmagy, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi, akylly şäheriň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçy wezipeleriniň ýaşlara ynanylandygy aýratyn bellenilmeli ýagdaý boldy.
Geçen ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda möhüm ädime öwrüldi. Şeýle hem geçen ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Mary şäherinde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň guramaçylykly geçirilmegi ýaşlar baradaky aladanyň hemişe üns merkezinde durýandygyny äşgär etdi. Forumyň çäklerinde göreldeli zähmet çekýän, okaýan ýaşlaryň uly toparyna Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy olaryň durmuşyndaky taryhy wakalaryň hataryny artdyrdy.
Gunça HATAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.



