
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň saglygy diýlip ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, dogry iýmitlenmegi we kadaly ösüp ulalmagy ugrundaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.
Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýamyzda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga, jemgyýetiň ruhy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem birnäçe işler gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda her bir maşgalada, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda zerur şertler durmuşa geçirilendir. Bu ugurda çagalar baglarynda hem körpeleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dürli çäreler, öwrediji okuwlar geçirilýär. Bu çärelere okuw, ýazuw, surat çekmek, aýdym-saz we kompýuter sowatlylygy ýaly okuwlary öz içine alýar.
Perzent terbiýesindäki inçelige, olaryň berýän sowallaryna dogry, düşnükli, doly jogap bermeklige, her bir zady öwretmekde wagt tapmaklyga, olaryň özüne bolan ynamy döretmeklige çalyşmalydyrys. Çaga dogry, kämil terbiýe bermeklik bolsa biziň bagtly garrylygymyzdyr. Çagalar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler.
Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar geljegimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, sagdyn edýänem zähmetdir. Çagalar, ýaşlar Watan öňündäki perzentlik borçlaryny halal zähmetleri, yhlaslary bilen ödemelidir.
Farida TURAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 32-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.



