
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň köp ugurly döredijilik dünýäsi umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Beýik şahyryň döredijiligi, onuň dürli ugurlary öz içine alýan şygryýet ummany islendik adamy ruhlandyrýar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Gündogaryň beýik akyldary hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan we söýlüp okalýan dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň her biri ynsanyň kalbynda belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly arassa ahlakly ýaşamak duýgularyny oýaryp, ynsan kalbynda uly orun alýar. Şeýle-de şirin dilli söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär. Iň ýagşy sözleri, il oňlaýan gylyk-häsiýetleri beýik ussatlyk bilen şygyr setirlerine siňdirip bilmek diňe şeýle ägirtlere başardýandyr.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda millilik bilen birlikde ynsan häsiýetlerini, adamkärçiligiň beýik sypatlaryny kesgitleýän garaýyşlaryň hem agdyklyk edýändigini bellemek gerek. Beýik söz ussadynyň setirlerinde mertlik, ar-namyslyk, kalpy päklik, rehim-şepagatlylyk salyhatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler çuňňur öz beýanyny tapýar.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe bir goşgy hökmünde däl-de, aýdym hökmünde hem aýdylyp, halkyň arasynda ýaşap gelýändigini aýtmak gerek. Onuň köp goşgulary aýdymçy-sazandalarymyzyň döredijiliginiň bir parçasydyr. Söz ussadynyň adamzat kalbynyň owazyna öwrülen setirleri halk köpçüligi tarapyndan hem aýratyn gyzyklanma bilen diňlenilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ählimiz üçin ruhy taglymat we beýik mekdepdir.
Kümüş HUDAÝNAZAROWA,
Halaç etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň diller mugallymy.



