
Çagalyk — ynsan durmuşynyň iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde çaganyň sagdyn ösüşiniň hem-de bütin ömrüniň dowamynda öwrenmeginiň esasy goýulýar. Mekdebe çenli bilimde öwrediji oýunlar, göwnaçmalar bilim bermegiň esasy usullarynyň biri bolup durýar.
Oýun çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ol çaganyň fiziki, emosional we durmuşy ösüşine täsir edýär. Oýun çaga işjeňliginiň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ünsüni, ýadyny, göz öňüne getirmesini ösdürýär, tertip-düzgüni kemala getirýär. Öwrediji oýunlar özboluşly gurluşa eýe bolup, özünde bilim berijiligi, oýny ýa-da oýun elementini, oýnuň düzgünini, tamamlanylyşyny jemleýär.
Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi hem ertekilerdir. Ertekiler çagalarda ýagşy häsiýetleri oýarmaga ýa-da berkitmäge ýardam berýär. Çagalar ertekiden çeper sözlüligi, pikirlenmegi öwrenýärler. Erteki çagalarda pikirlenişi terbiýelemekde iň ygtybarly serişdedir.
Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, olardan gadym eýýamlaryň täsin wakalaryny tapyp bolýar. Ertekiler özünde ýeňil düşünip bolýan wakalary, kähalatda bolsa göçme manyny saklaýar. Olaryň terbiýeçilik taraplary çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz neslini terbiýeläp gelipdir. Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýeti görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri okap bermeli bolýarys. Ertekiler çagada gowy häsiýeti terbiýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý eden kitaplary terbiýeçilerdir mugallymlar üçin iň gerekli gollanma bolup durýar. Sapaklarda bu kitaplardan peýdalanmagymyz çagalara oňyn täsir edýär. Kitaplardaky rowaýatlar ýaşlary watançylyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemekde, bilim almagyň, hünär öwrenmegiň ähmiýetini düşündirmekde gymmatly hazynadyr.
Döwletimiziň geljegi bolan çagalaryň bagtyýar şu güni we geljegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sonýa ROZYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.



