Žurnalistiň sahypasy

Çaga gülküsi — bagtyýarlygyň nyşany

22-01-2024 / 18

Durmuşymyzyň enaýyja gülleri bolan çagalary ezizläp, goraglap, olary akylly-başly, bilimli-düşünjeli, terbiýeli-hünärli edip ýetişdirmek döwrümiziň esasy meseleleriniň biri. Ol gülleriň ýaşaýşa bezeg bermegi, pajarlap ösmegi üçin yzygiderli alada, üns zerur.

Çaga kalbynyň akja gar ýaly tämizligi, arassalygy bilenem ulularyň kalbyny özüne imrindirýär. Çagany söýmeýän, ony mähri bilen gurşamaýan adam bolmasa gerek. Mähir, alada bilen gurşalýan çagalar adamlara mähriban, ynsanperwer adamlar bolup ýetişýärler. Binýady halallykdan tutulan bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesil barada bimöçber aladalar edilýär. Olaryň sagdyn bedenli, kämil ruhly, bilimli, ylymly, arassa ahlakly, ynsanperwer, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Çaga terbiýesine ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem uly üns beripdirler. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bolsa ýaş nesiller hakda alada, çaga terbiýesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bu günki günde çagalaryň hukuklary kanun tarapyndan goralýandyr.

Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýamyzda hem bu ugurda birnäçe işler göz öňünde tutulyp, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga, jemgyýetiň ruhy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem birnäçe işler gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda her bir maşgalada, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda zerur şertler durmuşa geçirilendir. Bu ugurda çagalar baglarynda hem körpeleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dürli çäreler, öwrediji okuwlar geçirilýär. Bu çärelere okuw, ýazuw, surat çekmek, aýdym-saz we kompýuter sowatlylygy ýaly okuwlary öz içine alýar. Sowat öwretmek, dil bilimi boýunça ýörite sapaklary guramak körpeleriň mekdebe ykjam taýýarlygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmakda, çagalary okatmakda häzirkizaman usullaryndan peýdalanmakda çagalar baglaryndaky interaktiw tagtalardan, kompýuterlerden peýdalanmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Döwrebap enjamlaşdyrylan otaglar we kämil tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy körpeleriň dünýägaraýşynyň giň, gözýetiminiň çuň bolmagyna getirýär. Şol sanda çagalar baglarynda okatmagyň usullarynyň we serişdeleriniň kämilleşdirilmegi öz gezeginde çaganyň aňynyň ösüşini we pikirleniş endigini ösdürýär.

Maýsa ÖWEZOWA,
Çärjew etrabynyň 18-nji çagalar bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu