Žurnalistiň sahypasy

Innowasion ösüşler bilen beýik geljege

22-01-2024 / 19

Innowasiýalar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Ykdysadyýetde innowasion ösüşi gazanmakda milli innowasiýa ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Milli maksatnamasynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasiýa taýdan täze sepgitlere ýetirmek boýunça anyk wezipeler, durmuşa geçirilmeli toplumlaýyn işler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ösen ýurtlaryň tejribesine laýyklykda, innowasiýa ulgamynyň düzümini, gurluşyny kämilleşdirmek, innowasiýalar bazaryny döretmäge we ösdürmäge yzygiderli ýardam etmek, şeýle-de ylym we tehnologiýalar ulgamynda innowasiýa işini goldamak hem-de dolandyrmak ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip belledi. Ýurdumyzda dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen innowasion önümçilikleriň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi döwür bilen aýakdaş gitmekdir.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmekden gözbaş alyp, degişli ugurda gazanylýan üstünlikler her birimizi guwandyrýar.

Nursoltan ÇÄŞEMOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener­-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu