
Häzirki döwrümize sanly ulgamyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň, tehnologiýanyň ulanylmagy alnyp barylýan işleriň depginini artdyrýar, tiz we öndürijilikli işlemäge mümkinçilik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.
Pähimdar pederlerimiziň ýaş nesilleri terbiýelemekde toplan köpasyrlyk tejribesi häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp ösdürilýär. Milli terbiýeçilik ýörelgelerini ösdürmek, ýaşlara döwrebap bilim öwretmek, dünýäniň ösen innowasion tejribesini ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Esasan hem döwrebap ugurlary döredijilikli kämilleşdirmek, ösdürmek we ýaş nesillere öwretmek esasy ugurlaryň biridir.
Döwür bilen deň gadam urup, bedew batly ösüşler bilen belent sepgitleri eýelemek bagtyýarlyk döwrümiziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işlerden hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny kabul etmegi bilen, bu işler giň gerime eýe boldy.
Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň ikinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maglumat toruny döretmek, elektron okuw žurnallaryny bir ulgama birikdirip, mekdepde içki gözegçiligi amala aşyrmak ýaly işler kompýuter tehnologiýalarynyň ösen häzirki döwründe üstünlikli ýerine ýetirilýär. Okuwçylaryň ata-eneleri bilen mekdep mugallymlarynyň arabaglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, elektron gündelik programmasynyň işlenip düzülmegi bilim bermek işini guramakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar. Okuw kitaplarynyň we çeper edebiýatlaryň esasynda ýörite prezentasiýalaryň taýýarlanylmagy, wideoýazgylar toplumlarynyň elýeterli bolmagy sapagyň terbiýeçilik ähmiýetiniň artmagyna ýardam edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren gymmatly eserleriniň ornunyň uludygyny nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, milli ýörelgelerini, sagdynlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk hakyndaky paýhasly pikirlerini özünde jemleýän eserleriniň elektron görnüşi mugallymlaryň we okuwçylaryň şahsy kompýuterlerine ýüklenilýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimizi yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Sanly bilimi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly täze ugurlaryň girizilmegi hem munuň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar».
Altyn ÖWEZOWA,
Saýat etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.



