
Ýaş nesli hakyky watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň garaýyşlara hem-de gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär.
Bilşimiz ýaly, geçen ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm orna eýe boldy, bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji ajaýyp eseriniň hem şol ýylyň şatlykly pursatlarynda çap edilmegi ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini äşgär etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabyň «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýen bölüminde: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar» diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem, beýik işler halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumlardyr. Her bir ynsan Watana bolan söýgüsi bilen durmuşyň täze belentliklerine, üstünliklere ýetip biler. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda belläp geçýän pikirleri bu günki bagtyýar ýaşlaryň ýol-ýörelgesine öwrülmelidir.
Durmuşa geçirilýän işler, olaryň haýsy döwre, haýsy ulgama ýa-da ugra degişlidigine garamazdan, gönüden-göni ýaşlara hem dahyllydyr. Ösüşleriň biri-birine badalga bolşy ýaly, ýurduň daýanç güýji hem ýaşlaryň ykbalyna baglydyr. Ýaşlar hemişe döwletiň kuwwatly güýji hasaplanýar. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir.
Batyr KURBANOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.



