Žurnalistiň sahypasy

Bilim – altyndan gymmat

22-01-2024 / 14

Bize ata-babalarymyzdan juda baý miras galypdyr. Nakyllara, atalar sözlerine ser salanymyzda, pederlerimiziň bilime, ylma uly ähmiýet berendiklerine göz ýetirýärsiň. «Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň», «Bir — okana, bir — dokana» ýaly pähimler hem muňa aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Ajaýyp eserleri iline peşgeş eden Gahryman Arkadagymyz hem bilim ulgamyny ösdürmäge, onda düýpli özgertmeleri geçirmäge aýratyn üns berdi we bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürdi. 

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Islendik halkyň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim jemgyýetçilik ösüşinde iňňän möhümdir. Onsuz öňe gitmek, hiç bir ugurda üstünlik gazanmak mümkin däldir». Şeýle sözleriň durmuş ýüzünde şöhlelendirilmegi bu gün döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan wezipelerini rowaçlandyrýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralary gurulýar. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirilýär hem-de sanly bilim ulgamy ösdürilýär.

Bilim edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesliň akyl, ahlak, watansöýüjilik hem-de beden taýdan sazlaşykly ösüşine uly ähmiýet berilýär. Okatmak, bilim bermek, hünär öwretmek işi öňdebaryjy usullara, ylmyň, tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýar.

2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan ugur alnyp we tutuş halkymyzyň isleg-arzuwy göz öňünde tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mekdebimiziň mugallymlarynyň we okuwçy ýaşlarynyň kalplaryna egsilmez şatlygy bagyşlady. Biz hem, öz gezegimizde, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýäris. Ýaş nesilleriň kämil hünärli, watansöýüji, çuññur ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giñ mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Jemal ROZYÝEWA,
Saýat etrabynyň Ahmet Bekmyradow adyndaky 10-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu