
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek meselesine aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatynda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygy örän guwandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan häzirki zaman mekdepleridir çagalar baglary hereket edýär. Şeýle döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryň sany barha artýar. Munuň özi ýaş nesliň bilime höwesini artdyryp, olaryň milli gymmatlyklara bolan buýsanjyny ýokarlandyrýar.
Biz — bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky aladalaryny ýürekden goldap, işimizi döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Okatmagyň işjeň-öwreniş usullaryndan ýerlikli peýdalanýarys.
Biziň çagalar bagymyzda körpeleriň döwrebap derejede terbiýelenmegi, ilkinji bilim sowadyny öwrenmegi ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä, bilim-terbiýe almagy üçin degişli otaglar ýokary derejede enjamlaşdyrylandyr. Çagalar bagymyzyň terbiýeçi-mugallymlary döredijilikli zähmet çekip, körpelere daşary ýurt dillerini hem öwredýärler, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýärler.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrundaky taýsyz tagallalaryna köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Mähri HUDAÝNAZAROWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



