Žurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň edebi hem ebedi mirasyna sarpa

22-01-2024 / 19

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi berkarar türkmen döwletini, agzybirligi arzuw eden söz ussadyna, sözüň gudratyna, edebi mirasymyza halkymyzyň goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr.

Akyldaryň bitewi döwlet gurmak, agzybir durmuşda ýaşamak, berkararlyk baradaky belent arzuwlarynyň wysal tapandygyny halkymyzyň bu günki bagtyýar durmuşynyň mysalynda anyk görmek bolýar. Hut şonuň üçin hem döwletimizde ata-babalarymyzyň agzybirlik hakyndaky arzuwlaryny belent şygryýetiň üsti bilen äleme ýaýan akyldar şahyrymyzyň sarpasy belentden tutulýar.

Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolsa 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterilendiginiň anyk subutnamalarydyr. Akyldar şahyrymyzyň sarpasyny Ýer ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyz ak ýürekden alkyş aýdýar.

Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, beýik şahsyýetlerimiziň bitiren işlerini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu