Žurnalistiň sahypasy

Ylymly ýaşlar ― Watanyň daýanjy

22-01-2024 / 36

Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn sahypalar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyz halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme şanly wakalara beslendi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiz tutuş adamzat jemgyýetiniň bähbitlerini nazarlaýan syýasy başlangyçlarynda ýaşlaryň hem goşandynyň bolmagyna üns berýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän, täze-täze taslamalar babatda özboluşly garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler ykdysady we medeni ösüşleri gazanmakda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgeler esasynda terbiýelenen, täzeçe pikirlenýän ýaşlaryň nesli kemala geldi. Şol ýaşlar hem häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, ylmy barlaglar bilen meşgullanmaklary we saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky aladalaryň giň gerime eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bagtyýar ýaşlarymyz hem bu aladalara jogap edip, özlerine bildirilen beýik ynama wepaly bolup zähmet çekýärler. Şunda olar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny esasy gollanma we ýolgörkeziji hökmünde peýdalanýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlaryndan ylham alýan ýaşlar eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Täze kitapda ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tapawutlanan ýaşlaryň atlary buýsanç bilen agzalýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagy üçin tagalla edýän, Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Güljahan TÄÇMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinlerinin seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu