Žurnalistiň sahypasy

Täze kitap – ösüşlerimiziň waspnamasy

20-01-2024 / 11

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby jemgyýetimiziň iň işjeň bölegini milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ylmy-filosofik gollanmadyr. Kitabyň sahypalarynda orun alan pikir-garaýyşlar, türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleridir ýeňişleri, olaryň durmuşyndaky bagtyýar pursatlary şöhlelendirýän fotosuratlar bilen tanşanyňda, Watanymyzyň geljeginiň ynamly gollardadygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlaryň hem mynasyp orny bar. Döwrebap pikirlenip bilýän, täze taslamalar babatda özboluşly garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler ykdysady we medeni ugurlarda ösüş gazanmakda wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler. Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna doly güýjünde gatnaşmagyny gazanmak möhüm hasaplanýar. Şeýle-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna egsilmez sarpany hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesi kemala getirmäge, olary watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň eserinde ýetilen sepgitlere giňişleýin syn berilýär, öňde durýan wezipeler barada töwerekleýin pikirler beýan edilýär.

Täze eýýamymyzda ruhy taýdan kämil, ýokary hünärli, watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi döwlet syýasatynyň uzak geljegi nazarlaýan wezipeleriniň biridir. Ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende galdyrylmagynda kesgitleýji orun eýeleýärler. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty jemgyýetimiziň iň işjeň böleginiň sagdyn ösmegi hem-de şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalar kabul edilende, ýaşlaryň bähbitleri hem göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyna hem-de özleri hakynda döwlet derejesindäki aladalara jogap edip, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň we halkara abraýynyň has-da belent derejelere göterilmegi üçin yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Gülnara HEMRAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu