Žurnalistiň sahypasy

Ruhy joşguna beslenýän şanly ýyl

18-01-2024 / 11

Gahryman Arkadagymyzyň ylham güzerinden gözbaş alan, döredijilik dünýäsinden kemal tapan ajaýyp şygyr setirlerini şygar edinen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly ruhubelentlige beslenip, ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýan dabaralar bilen badalga aldy. Ýylyň şygarynda halkymyzyň ruhy dünýäsine, beýik şahyrymyzyň umman ýaly giň döredijiligine, paýhasyna çäksiz hormat aýdyň şöhlelenýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kadasy, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň nusgalyk ýörelgesi hökmünde ykrar edilip gelinýär. Şanly senelere beslenjek 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň düýp mazmunynda hem umman ýaly giň we çuň many şöhlelenýär. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniljek sahawatly ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi halkymyzyň akyldar şahyrynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetini bütin dünýäde dabaralandyrjak taryhy-syýasy ähmiýetli waka boldy. Akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeli halkymyzyň kalbynda, hakydasynda Magtymguly Pyragynyň ebedilik ornuny, nesilleriň oňa belent sarpasyny alamatlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan şygyrlary külli adamzat nesliniň köňül nagşydyr. Biz türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işlere badalga berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Wahypjan PERMANKULYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu