
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy ählimizi begendirdi. Häzirki döwrüň hakykatyna esaslanýan bu kitap nesilleriň watançylyk terbiýesi jähetinden-de möhüm ähmiýete eýedir.
«Hazirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalyar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda nygtaýar.
Şu ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi häzirki hem geljek nesillere watançylyk pendi bolup ýaňlanýar. Akyldar şahyr: «Eşit adam, dogan ilden,//Gaýry mähriban ýurt olmaz», «Her kimiň öz ili — ymmat ýagşydyr», «Saba turup, Watan, seni çaglar men», «Magtymguly, unutmagyl iliňni» diýen ýaly şuglaly setirleri miras goýupdyr.
Biz bu gün Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýarys. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna pugta jebisleşip, keremli Watana tagzym edýär, ony gülledip ösdürmek ugrunda zähmet çekýär. Watançylyk edebi goly gujurly ýaşlarymyzyň gazanýan zähmet, sport, döredijilik hem bilim ýeňişleri bilen barha görklenýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygy ündelýär. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilime bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa geljegiň bilimli, ylymly ýaşlara bagly boljakdygyny alamatlandyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz hemişe bilime, ylma teşne adamlar bolmalydyr. Bu beýik garaýyş täze taryhy eýýamda ýaşlaryň durmuş ýörelgesiniň gözbaşynda durmalydyr. Şeýle gymmatly pikirleri bilen kalplarda ak arzuwlary oýarýan, beýik geljege bolan ynamy berkidýän çuň manyly eseri halkymyza sowgat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!
Myrat AÇYLDYÝEW,
Hojambaz etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň müdiri.



